«XX ASYRDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI» ATLY TÄZE KITABA SYN


«XX ASYRDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI» ATLY TÄZE KITABA SYN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan kitaphana syny geçirildi.

Alym zenan Gurbanjemal Ylýasowanyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan «XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi» atly täze kitaby hakynda bölümiň işgärleri çykyş etdiler.

Bu kitap türkmen şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy, paýhasly eserleri bilen külli adamzadyň kalbyna ýol salan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna sowgat hökmünde taýýarlanypdyr. Şu täze kitap bilen okyjylary we kitaphana işgärlerini tanyş edildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler sungatda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.