BILIM BAGTYŇ AÇARY


BILIM BAGTYŇ AÇARY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän yöriteleşdirilen 76-njy orta mekdepde ýaş nesilleriň arasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabyndan ýaşlara berilýan gymmatly öwüt-ündewler barada täsirli gürrüňler berdi. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýeti barada hem gyzykly söhbetler edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bilimleriň mekanyna öwrüp okamaklyga, öwrenmeklige döredýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan etdiler.