HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ NUSGALYK ESERLERI-DÖREDIJILIK ÝOLUNA BADALGA
Arkadag şäher häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesi, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri-döredijilik ýoluna badalga» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri ýaş nesilleriň watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde olaryň kitaba söýgüsini, okamak höwesini artdyrmakda örän uly ähmiýeti bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolandygy şeýle-de bu gymmatly kitaplaryň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde, adamzat aňýetinde uly gyzyklanma döredýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.