AKYLDAR ŞAHYRYŇ MIRASY RUHY HAZYNAMYZDYR


AKYLDAR ŞAHYRYŇ MIRASY RUHY HAZYNAMYZDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Akyldar şahyryň mirasy ruhy hazynamyzdyr» ady bilen Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldar şahyrdygy, onuň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun alandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň giňden wagyz edilýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini wagyz etmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.