TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI, SAZ ÖWRENIJI-ETNOGRAF W.A.USPENSKINIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 145 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP SÖHBETDEŞLIK
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Sungat bölüminiň gurnamagynda Türkmenistanyň halk artisti, saz öwreniji-etnograf W.A.Uspenskiniň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi.
Bilşimiz ýaly, Wiktor Uspenskiý Türkmenistanyňyň dürli ýerlerinde bolup, türkmeniň ajaýyp aýdym-sazlary barada maglumatlar ýygnap, olary nota ýazgylaryna geçirip, özüniň «Türkmen sazy» atly kitaby arkaly halkymyzyň aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýan sazşynasdyr. 1973-nji ýylda zehinli režissiýor A.Garlyýewiň surata düşüren «Mukamyň Syry» kinofilminden Uspenskiniň şekiliniň bar bolan ýerlerinden görkezilen bölekler we bölümiň kitaphanaçylarynyň beren gürrüňleri söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.