KITAP YLYM-BILIMIŇ AÇARY


KITAP YLYM-BILIMIŇ AÇARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň 33-nji orta mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Kitap ylym-bilimiň açary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýaşlar ýurdumyzyň ösüşiniň özenidir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim derejesiniň dünýä ülňülerine gabat getirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredip berilýändigi, häzirki wagtda ýaşlara bilim bermekde ylmyň iň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrylýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.