GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY KITABY ESASYNDA
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly bu ajaýyp eseriniň halkymyz üçin ruhy daýanç hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik maksatlara ýetmegiň ýoluny ýagtylandyrýan şamçyrag bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem kitabyň «Watan–enäniň kalby» atly bölüminde Milli Liderimiziň aýratyn öz mähriban käbesi Ogulabat ejäniň hem-de kyblasy Mälikguly aganyň manyly ömürleri barada gymmatly maglumatlar getirilýändigini aýdyp, kitabyň bölümlerinden bölekler okap berildi.
Çäräniň ahyrynda bizi şeýle gymmatly eserleri bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň şular ýaly ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.