DÖWRÜŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY


DÖWRÜŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Döwrüň bagtyýar ýaşlary» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýändigini, şu ösüşlerde hem biziň ýaş nesillerimiziň uly paýynyň bardygyny,olaryň ylymda-bilimde, okuwda hünär saýlamakda iň uly güýçdigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler biziň ýaşlarymyzyň, nesillerimiziň, talyplarymyzyň okamagy, işlemegi üçin ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.