ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI WE GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň gurnamagynda Türkmen Döwlet Medeniýet instituty bilen bilelikde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri we Garaşsyzlyk bagtymyz» ady bilen kitaphana hünärmenleriň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň teleýaýlym studiýasynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamy hem günsaýyn pajarlap ösýändigi, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi kitaba çekmekde, olarda kitaba bolan söýgini döretmekde uly işler alnyp barylýandygy, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleri nusgalyk mekdebi bolup durýandygy, Garaşsyzlyk–beýik ösüşler bilen öňe barýan halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň gözbaşydygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.