GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA MILLI MIRASYMYZYŇ BUÝSANÇLY ÖSÜŞLERI


GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA MILLI MIRASYMYZYŇ BUÝSANÇLY ÖSÜŞLERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli mirasymyzyň buýsançly ösüşleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk-ýyllarynda türkmen halkynyň diňe bir ykdysady garaşsyzlygy we durmuş goraglylygy doly üpjün edilmän, medeni mirasymyz, ata-babalarymyzdan galan maddy, ruhy gymmatlyklarymyz, taryhymyz, ene dilimiz, saz sungatymyz, ajaýyp däp-dessurlarymyz täzeden dikeldilendigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk bu halkymyzyň egsilmejek milli buýsanjydygy, Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günimiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Garaşsyz Watanymyzy ösüşleriň ýokary derejesine ýetirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.