KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana gelip gowşan täze edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilen täze kitaplardan syn geçirildi. Kitaphana synynda syn berilýän kitaplaryň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen olaryň iň gyzykly ýerlerinde bölekler okaldy, şeýle hem dürli goşgular labyzly aýdyldy. Kitaphana synynyň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.