ÝOL DÜZGÜNLERINI–HÖKMAN BERJAÝ EDELIŇ!
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdepde «Ýol düzgünlerini–hökman berjaý edeliň!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleriň yzygiderli guralýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýollarda awtoulag serişdeleriniň, pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalarda uly täsir galdyrdy.
Gürrüňdeşligiň dowamynda ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada okuwçylar bilen sorag-jogap alşyldy.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.