«MAGTYMGULY PYRAGY» SEÝILGÄHINE GEZELENÇ
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylarynyň gatnaşmagynda «Magymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda gezelenç gurady we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň many-mazmun baýlygy hakynda söhbet etdiler. Ýaşajyk okyjylarymyzyň ajaýyp döwrümiziň waspyny ýetirýän we dana şahyrymyzyň döredijiligine degişli goşgulary ýatdan labyzly aýdyp bermekleri söhbetdeşligimiziň has-da gyzykly geçmegine ýardam etdi.
Gezelenjiň dowamynda ýaşajyk okyjylarymyza täze medeni seýilgäh toplumunyň döredilmegi hem-de onda dünýäniň şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň beýik şahsyýetleriniň ýerleşdirilmegi eziz Watanymyzda dost-doganlyga uly üns berilýändiginiň, söz sungatyna sarpa goýulýandygynyň aýdyň beýanydygy hakynda täsirli gürrüňler berildi.
Gurnalan gezelenjimiziň ahyrynda ýaş nesillere eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.