MUKADDES GARAŞSYZLYK-ASYRLARYŇ HASYL BOLAN ARZUWY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk Medeniýet köşgi bilen bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Mukaddes Garaşsyzlyk-asyrlaryň hasyl bolan arzuwy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýändigi, şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen rowaçlanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bagtyýar halkymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýandygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň goýnunda ýurdumyz asuda, ilimiz agzybir, halkymyz bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň milli ýörelgesini kemala getiren pederlerimiziň ýörelgelerine we göreldelerine eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.