GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY–BAGTYÝAR GELJEGIŇ ŞAMÇYRAGY


GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY–BAGTYÝAR GELJEGIŇ ŞAMÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary bagtyýar geljegiň şamçyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän ýüreklere ýol salyp, kalplarda hemişelik orun alan eserleri ýaş nesillerimiziň ýan kitabyna öwrülip, olara görelde mekdebi bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde pähim-paýhasa ýugrulan milli ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz eriş-argaç bolup geçýändigi barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.