ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY


ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji terbiýeçilik orta mekdebinde ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Çagalar bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy. Gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.