«BEÝIK DÖWRE JOŞGUN, TARYP ÝARAŞÝAR» ATLY GÖÇME KITAP SERGI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasy bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşýar» atly göçme kitap sergisini gurnady we tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Göçme kitap sergisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, 2024-nji «Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylymyza bagyşlap akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplary, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan kitaplar bilen guraldy.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler: «Türkmen medeniýetini, türkmen edebiýatyny Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ol mähriban topragymyzyň hakyky watançysy we joşgunly waspçysy. Şahyryň watançylyk, agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk, birleşmek hakyndaky goşgulary edebi-çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup türkmen halkynyň kalbynda mydamalyk orun aldy we ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir» diýip belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda uludan toýlanýan şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzy, bütin türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlap, Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.