KITAPHANA SYNY


MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRY PAÝHAS UMMANY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent- tehniki edebiýatlar bölümi Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygry asynda geçýän ýylymyzda «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan giňişleýin çykyş etdiler. Türkmen topragy örän gadymy maglumatlary özünde saklaýan mekandyr. Änew şäheri hem şeýle baý taryhy maglumatlara eýedir. Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki 4-5 müňýyllyklarda dowam eden Änew medeniýetiniň keramiki önümleriniň aýratynlyklary, ylmy maglumatlaryň, taryhy ýazgylaryň esasynda şäheriň ösüşi, onuň ýerleşişi hem-de gurluş aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Olar çykyşlarynyň dowamynda şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.