ARKADAGYŇ NUSGALYK ESERLERI–BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY


ARKADAGYŇ NUSGALYK ESERLERI–BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda «Arkadagyň nusgalyk eserleri–beýik ösüşleriň gözbaşy» ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Ol eserleriň aňýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi.

Gurnalan göçme kitap sergisine gatnaşanlar halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.