ÝOL HEREKETINIŇ DÜZGÜNLERINI HÖKMAN BERJAÝ EDELIŇ
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji terbiýeçilik orta mekdebi bilen bilelikde ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen «Ýol hereketiniň düzgünlerini hokman berjaý edeliň» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz çagalar bilen ýoly geçmek üçin ýol yşygyna seretmegiň, şäheriň köçelerindäki geçelgelerden ýol hereketiniň kadalary boýunça geçmegiň, ýanýodalardan ýöremegiň hem-de ýerasty geçelgelerden geçmegiň düzgünleri boýunça sorag-jogap alyşdylar köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.