TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň gurnamagynda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky söhbediň beýanydyr. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp, tüýs türkmeniň kalbyna ýakyn kitabynyň her bir sahypasynda halkymyzy bezeýän iň oňat gylyk-häsiýetler açylyp görkezilýär. Onda ata-babalarymyzyň janyna deňän, ganyna siňen, halkymyzyň durmuşyny bezäp gelen ýol-ýörelgeleri barada gürrüň edilýär. Söhbetdeşligiň dowamynda şu kitapdaky «Zähmetsöýerlik-gaýratlylygyň gözbaşy» bölümi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.