MAGTYMGULY PYRAGY WE TÜRKMEN HALKYNYŇ GARAŞSYZ DÖWLETLILIK TAGLYMATY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrýar, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär. Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik, özbaşdaklyk, bagtyýar geljege ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren mukaddeslikdir. Garaşsyzlyk milli mirasymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmäge, ýurdumyzy dürli ugurlarda dünýä derejesine çykarmaga, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk döwletli-döwranymyzyň daýanjydyr, bagtyýarlyk binýady hem-de halkymyzyň göz-guwanjydyr.
Döredijilik duşuşygyň ahyrynda Berkarar Watanymyzy, agzybir halkymyzy röwşen geljegimize ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.