BERKARARLYGYŇ MUKAMY–GARAŞSYZLYK AÝDYMY


BERKARARLYGYŇ MUKAMY–GARAŞSYZLYK AÝDYMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Berkararlygyň mukamy-Garaşsyzlyk aýdymy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler her bir güni şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir hem jebis türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýandyklary barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlyk beýik ösüşler bilen öňe barýan halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň gözbaşydygy, haklymyz mukaddes Garaşsyzlygymyza baky berkararlygymyza, mizemez bagtyýarlygymyza, köptaraply ösüşlerimiziň berk binýady hökmünde uly sarpa goýýandyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň asudalygy, parahatçylygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.