YNSAN KALBYNYŇ ÖÇMEJEK NURY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň bilelikde guramagynda «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, joşgunly we şirin zybanly waspçysydygy, halkynyň asuda, parahat ýaşamagyny arzuwlan şahyr özüniň ideýalary häzirki döwürde-de uly güýje, çäksiz ähmiýete eýe bolup, berkarar Watanymyzda agzybirligiň mukamy kimin her bir türkmen halkyny täze-täze üstünliklere ruhlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Watan mukaddesligini, il-ýurdyna söýgüsini öz ömrüniň belent şygaryna öwüren, halkynyň köňül bossanynda hemişelik orun tutan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.