GARAŞSYZLYK EÝÝAMY


GARAŞSYZLYK EÝÝAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk eýýamy» ady bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze obalaryň, şäherleriň, şäherçeleriň döredilmegi bilen olarda täze medeni maksatly binalar gurulyp, ulanylmaga berilýändigi, Medeniýet öýleri, kitaphanalar, muzeýler özleriniň döwrebaplygy bilen äleme ýaň salýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlyk ykballara, döwürlere özgerişlik, täzeleniş bagyş eden, ösüşli menzillerimiziň täze belentligini kesgitlän, halky öňe sary batly gadamlar bilen alyp gitmäge badalga berýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna göçme sergi gurnaldy we bu sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda çap bolup çykan neşir önümleri, fotoalbomlar sergide görkezildi bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar halkyny eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.