ÝOLLAR ABAT-ILLER ABAT


ÝOLLAR ABAT-ILLER ABAT

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebinde «Ýollar abat-iller abat» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky beýik işleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen bir aýyň dowamynda ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli döreýän keselleriň öňüni almaga uly ýardam berýändigi barada gürrüň berdiler. Mundan başga-da ýol hereketleriniň düzgünlerinde her geçelgelerde, ýollarda goýulýan bellikleri doly we dogry ýerine ýetirmelidigi hakynada okuwçylara düşündirildi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda bizi asuda asmanyň astynda ýaşadýan raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.