KITAP SERGISI


KITAP SERGISI

Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyñ Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde «Turkmenistan: foreign policy and diplomacy» (Türkmenistanyň: daşary syýasaty we diplomatiýasy) atly kitap sergisi gurnaldy.

Kitaphanada Türkmenistanyň: daşary syýasaty we diplomatiýasy atly sergi gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniñ täze ösüşleri, halkara gatnaşyklary, daşary syýasaty, daşary döwletler bilen alnyp barylýan diplomatik gatnaşyklar barada kitaplar sergilendi.

Ata Watanymyzda gazanylýan üstünliklerden we Türkmenistanyň daşary syýasatynda ýetilýän sepgitlerden söhbet açýan neşirler okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.