ARKADAGYŇ ESERLERI-ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýañy-ýakynda Aşgabat şäheriniň «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda «Arkadagyň eserleri-ýaşlaryň görelde mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Ol eserleriň aňýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.