SÖZ USSADY MAGTYMGULY PYRAGY


SÖZ USSADY MAGTYMGULY PYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Söz ussady Magtymguly Pyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belentden tutulýandygyny, onuň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde belent watançylyk duýgusy, edep-terbiýe, ahlaklylyk, ylym-bilim, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik ýaly asylly sypatlary öňe sürýän parasatly pikirler eriş-argaç bolup geçýändigini, ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde uly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleri bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýete eýe bolup, halkymyzyň baý milli mirasyny, medeni gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge, geljekki nesiller üçin gorap saklamaga, dünýä ýaýmaga giň ýol açýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly şahyrana mirasyny öwrenmäge giň ýol açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.