GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN WATAN
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň binalar toplumynda «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyz barha ýakynlap gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna uly şatlyk-şowhyn, belent zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny şeýle-de bu ajaýyp sene mynasybetli altyn güýzüň ajaýyp günlerinde bagtyýar halkymyz obalarymyzdyr, şäherlerimiz toý donyna bürenip ýurdymyzyň ähli pudaklarynda ägirt uly ösüşlere-özgertmelere beslenýändigi hakynda uly buýsanç bilen beýan etdiler. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda alynyp barylýan işler barmak basyp sanardan köp, Garaşsyz diýarymyzyň abadanlygy asmanymyzyň arassa, ýurdumyzyň parahatlygy durmuşymyzyň rahatlygy, çagajyklarymyzyň gülki sesleri mährem enelerimiziň hüwdi sesleri, aýdym-sazyň şirin mukamynyň belentlerde ýaňlanmagy bularyň ählisi Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen miweleridigini nygtadylar.
Şeýlede çäräniň dowamynda döredijilik duşuşygyna gatnaşýan myhmanlaryň Garaşsyzlyk gazanylyp ýetilen belent sepgitler baradaky ýürek buýsançlary siňen, ajaýyp Watanmyzyň tarypyny wasp etýän dürdäne ajaýyp goşgularyndan ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, onuň gadyr-gymmatyny ýitirmän ýaş nesillerimize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işlerinde uly rowaçlyklary arzuw etdiler.