MAGTYMGULY PYRAGY–BERKARARLYK ŞYGARY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny ýaşlara giňişleýin ýetirmek maksady bilen «Magtymguly Pyragy–berkararlyk şygary» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda okuwçylar Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny uly höwes bilen okadylar. Şeýle-de ol şygyrlaryň ýaşlary milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde eýeleýän orny barada aýratyn nygtadylar.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisi hem aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.