DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY


DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Gözel Şagulyýewa bilen okyjylaryň döredijilik duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Gözel Şagulyýewa bilen okyjylaryň döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Gözel Şagulyýewa özüniň täze Garaşsyzlyk, watan hakynda ýazan ajaýyp goşgularyny okady. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň şu günki ýaş nesillerimiziň bagty üçin alyp barýan beýik işleri, halypa-şägirtlik ýoly, şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna görülýän uly toýa taýýarlyk barada giňişleýin söhbet etdi. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşan okyjylar bilen sorag-jogap alşyldy.

Halypa şahyr Gözel Şagulyýewa söhbetiniň soňunda bize şu ajaýyp döwri beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.