«GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI IŇLIS DILINDE» KITAPHANA SYNY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri iňlis dilinde» atly kitaphana synyny geçirdi.
Kitaphana synynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň iňlis dilindäki neşirleri bilen tanyş edildi. Syn berilýän kitaplaryň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen kitaplardan gyzykly rowaýatlary aýdyp berdiler. Şeýle hem häzirki wagtda daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň iňlis dilinde terjime edilen nusgalary saklanýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýaşlary watansöýüjilik, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr diýip, belläp geçdiler.
Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.