GARAŞSYZLYK-BAGTYMYZ


GARAŞSYZLYK-BAGTYMYZ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk-bagtymyz» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Watan mukaddesligi, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Garaşsyz Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 33 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Höwesjeň çagalar ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly buýsanç bilen aýtdylar. Döredijilik duşuşygyna «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Bagtyýar çagalar» atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy. Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.